TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE MILLI BAÝRAMÇYLYKLARY
Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
- Täze ýyl – 1-nji ýanwar;
- Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;
- Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;
- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;
- Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;
- Hatyra güni – 6-njy oktýabr;
- Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;
- Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
- Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DILI
Türkmen dili—döwlet dili bolup durýar. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başga-da, ýörite orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.
Yorumlar
Yorum Gönder